DÇ-2022: Ýaponiýa Ispaniýadan üstün çykdy, olaryň ikisi hem pleý-off-a çykdylar

02.12.2022, 09:269,986

Katarda futbol boýunça dünýä çempionatynyň E toparynyň üçünji oýnunda Ýaponiýa 2:1 hasap bilen Ispaniýadan üstün çykdy.

Ýaponiýadan gollary Risa Doan (48) we Ao Tanaka (51) geçirdi. Ispaniýadan Alwaro Morata (11) geçirdi.
Ýaponiýa 6 utuk bilen E toparda birinji orny eýeledi. Ispaniýa 4 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Ispanlar 4 utugy bolan Germaniýadan gol sanynyň artykmaçylygy boýunça öňe geçdiler.
Ýaponiýa 1/8 final tapgyrynda 5-nji dekabrda Horwatiýa bilen, Ispaniýa bolsa 6-njy dekabrda Marokko bilen duşuşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.