DÇ-2022: Günorta Koreýa 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek pleý-off tapgyryna çykdy

03.12.2022, 08:168,734
1 / 2

Katarda futbol boýunça dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynda Günorta Koreýanyň futbolçylary 2:1 hasap bilen Portugaliýadan üstün çykdylar.

El-Raýanda geçen duşuşygyň 5-nji minudynda Rikardu Orta portugaliýalylary öňe çykardy. 27-nji minutda Kim Ýun Kwon hasaby deňledi, 90+1 minutda bolsa Hwan Hi Çan koreýalylaryň ýeňiş goluny geçirdi.

H toparyň beýleki duşuşygynda Urugwaý 2:0 hasap bilen Ganadan üstün çykdy. 26-njy we 32-nji minutlarda Hiohýan de Arraskaeta gol geçirdi. 21-nji minutda Gananyň futbolçysy Andreý Aýu 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.
Netijede H toparda birinji orny 6 utuk bilen Portugaliýa eýeledi. Ikinji orny Urugwaý bilen deň utuk — 4 utuk gazanan Günorta Koreýa eýeledi. Emma koreýleriň goşmaça görkezijileri artyk çykdy. Urugwaý Gana (3 utuk) bilen bilelikde ýaryşdan gaýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.