Argentina Awstraliýadan üstün çykyp, dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykdy

04.12.2022, 09:0912,541

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final duşuşygynda Argentinanyň futbolçylary Awstraliýadan üstün çykdylar.

Al-Raýanda geçen duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy. Argentinanyň düzüminde Lionel Messi (35-nji minut) we Ýulian Alwares (57) gol geçirdi, şeýle hem argentinaly Enso Fernandes (77) öz derwezesine gol geçirdi.
Messi dünýä çempionatlarynyň pleý-off tapgyrlarynda ilkinji gezek tapawutlanmagy başardy, 35 ýaşy futbolçy karýerasynda 1000-nji oýnuny oýnady.
1/4 final tapgyrynda Argentina 9-njy dekabrda Niderlandlar bilen duşuşar. Niderlandlar 1/8 finalda ABŞ-dan üstün çykypdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.