Türkmenistanda şu hepde gurak hem sowuk howa bolar

05.12.2022, 09:5538,226

Dürli meteo saýtlar Türkmenistanda şu hepde garaşylýan howa barada dürli çaklamalary berýärler.

Howanyň ýagdaýyna Russiýanyň ýewropa böleginiň merkezindäki aýazly antiseklon täsirini ýetirmegini dowam eder. «Meteožurnalyň» habar bermegine görä, Türkmenistan günorta-gündogar periferiýada ýerleşer, howanyň temperaturasy bolsa minusdan galmaz.
Beýleki howa maglumaty saýtlary Türkmenistanda gijelerine az-kem minus, gündizlerine bolsa az-kem «+» howany çaklaýarlar. Ähli saýtlaryň çaklamalarynyň umumy gabat gelýän ýeri — düýpli ygal bolmaz, oňa derek aşa sowuk bolar. Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky döwlet komiteti duşenbe gününde howany Aşgabatda «ýeňil garly gije» diýip çaklady. Şeýle hem Lebap we Mary welaýatlarynda hem az-kem garyň ýagmagyna garaşylýar.
Emma «Gyşyň güni kyrk tüýsli» diýlişi ýaly, türkmen gyşynyň üýtgäp, maýyl howany getirmegi hem ahmal. Muňa garamazda, ýyly geýinmegi hem-de sowuk howada köp bolmazlygy unutmaň!

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.