Marokko Ispaniýany dünýä çempionatyndan öýüne gaýtardy

06.12.2022, 23:5315,506
1 / 2

Marokkonyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Katardaky dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Ispaniýadan üstün çykdylar.

Er-Raýanda geçen duşuşygyň esasy hem goşmaça wagty 0:0 bilen tamamlandy. 11 metrlik urgularda Marokko güýçli geldi — 3:0. Marokkonyň derwezebany Bono 3 urgynyň hötdesinden gelmegi başardy, netijede Marokko wagtyndan öň ýeňiş gazandy.
Ýatlatsak, Ispaniýa 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynda hem 11 metrlik urgular boýunça ýaryşyň 1/8 final tapgyrynda Russiýadan asgyn gelipdi.
Çärýek final duşuşygyny marokkolylar şu gün 00:00-da duşuşjak Portugaliýa-Şweýsariýa jübütiniň ýeňijisi bilen geçirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.