Ronaldu “Al-Nasra” geçýändigi baradaky gürrüňleri ret etdi

08.12.2022, 12:0423,948

Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby bilen şertnama ylalaşylandygy baradaky maglumatlaryň hakykata laýyk gelmeýändigini aýtdy.

“Ýok, bu dogry däl” – diýip, Portugaliýanyň “Record” neşiri 37 ýaşly oýunçynyň sözlerini getirýär.

Öň, Ronaldunyň 1-nji ýanwardan “Al-Nasryň” oýunçysy boljakdygy, şertnamanyň möhletiniň 2,5 ýyla niýetlenendigi, umumy zähmet hakynyň bolsa mahabat girdejilerini-de göz öňünde tutmak bilen 200 mln ýewro barabar boljakdygy habar berlipdi diýip, Interfax.ru belleýär.
Ýatlap geçsek, Katarda DÇ-2022 başlamazdan öň Ronaldu Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” kluby bilen şertnamany ýatyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.