FIFA Katardaky dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň we finalynyň resmi topuny görkezdi

12.12.2022, 06:0123,439

FIFA-nyň metbugat gullugy Katarda geçirilýän dünýä çempionatynyň ýarym finalynda we finalynda oýnaljak “Al Hilm” topuny görkezdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Al Hilm 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda oýun wagty eminlere anyk we çalt çözgütleri kabul etmäge kömek etmek üçin öň ulanylan “Connected Ball” tehnologiýasyny öz içine alýar. Topuň esasy reňki altyn bolup, üçburç nagyşlar Doha şäherini gurşap alýan sebitiň çölünden, DÇ-2022-niň kubogynyň reňkinden we Kataryň baýdagyndan ruhlanandyr. Adidas-yň top-menejeri Nik Kreggs “Al Hilm-iň sportuň we futbolyň dünýäni birleşdirýän güýjüni görkezýän ýagtylyk şöhlesidigini” belleýär.
Katardaky dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Argentinanyň milli ýygyndysy Horwatiýa bilen oýnar (13-nji dekabr), Fransiýa bolsa Marokkonyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.