Türkmen gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermegiň ugry bir aýyň içinde işlenip taýýarlanar

16.12.2022, 16:0338,923

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türkmen gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermegiň ýoluny bir aýyň içinde işläp taýýarlamagy tabşyrandygyny mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Ankara meseläni Ýewropa Bileleşigi bilen hem ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Öň Ärdogan türkmen gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermegi ýola goýmaga çagyrypdy.

«Biz üç döwletiň — Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň energetika ministrleriniň bilelikde ýygnanyşyp, bu meseläni jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak kararyna gelmeklerini gazandyk. Men öz energetika ministrimize: «siz azerbaýjanly we türkmenistanly kärdeşleriňiz bilen duşuşyp, şu meseläni gutarnykly çözüň» diýip tabşyrdym» — diýip mälim etdi.
«Olar şu meseläni çözenlerinden soň biz öz duşuşyklarymyzy geçireris. 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti  bize resmi sapar bilen geler diýip umyt edýärin. Şol ýerde biz bu meseläni gutarnykly çözeris. Şol bir wagtda bu meseläni Azerbaýjanyň Prezidenti bilen hem maslahatlaşarys. Biz bu ädimi çalt äderis we işi ýeňilleşdireris diýip umyt edýärin. Şondan soň meseleleri Ýewropa Bileleşigi bilen maslahatlaşarys» — diýip, Ärdogan uçarda Türkmenistandan gaýdyp gelýärkä žurnalistlere aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.