20-nji dekabrda Aşgabatda skripkaçy Meýlis Hydyrowyň konserti geçer

17.12.2022, 14:2118,402

20-nji dekabrda Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde skripkaçy Meýlis Hydyrow we saksafonçy Timur Umirow şowhunly konsert berer.

Täze ýyl mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk konsertleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. «Watan» kinokonsert merkezinde geçiriljek şüweleň hem şolaryň üstüni ýetirer.
Konsert 18:00-da başlanýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: tel:92-18-65; 61-54-61

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.