Horwatiýa Marokkony ýeňip, dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy

17.12.2022, 19:5823,057

Horwatiýa Katarda dünýä çempionatynyň üçünji ýeri üçin duşuşykda Marokkony 2:1 hasabynda ýeňip, ýaryşyň bürünç medalyny gazandy.

Horwatiýa eýýäm 7-nji minutda Ýoşko Gwardiolyň tagallalary bilen hasaby açdy. Iki minutdan soň, marokkoly Aşraf Dari hasaby deňledi. 42-nji minutda Mislaw Orşiçiň goly Horwatiýa ýeňiş getirdi.
Belläp geçsek, Horwatiýa bilen Marokko Katardaky çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynda hem duşuşypdyrlar. Şol oýun 0:0 tamamlanypdy.
Horwatiýa taryhynda üçünji gezek dünýä çempionatynyň medalyny gazandy. Horwatiýa 1998-nji ýylda hem üçünji orny eýeledi, 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynda bolsa kümüş medal eýelediler.
Marokko — dünýä çempionatynyň bürünç medaly ugrunda ýaryşa gatnaşan Afrika yklymyndan ilkinji  ýurtdur.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.