20-nji dekabr Argentinada iş güni däl diýlip yglan edildi

20.12.2022, 07:2132,245

Argentinanyň Hökümeti 20-nji dekabry milli derejede iş güni däl diýip yglan etdi. Bu karar ilatyň Katarda dünýä çempionatynda ýeňiş gazanandan futbolçylarynyň ýurduna gaýdyp gelşini garşylap bilmekleri üçin edildi.

«Kadalaşdyryjy namalaryň portalynda neşir edilen karara laýyklykda, dynç güni girizilýär» - diýlip, Prezidentiň diwanynda aýdylýar.

Ýatlatsak, Argentinanyň milli ýygyndysy taryhynda üçünji gezek dünýä çempiony boldy. Katarda geçen final oýnunda olar Fransiýadan üstün çykdylar. Lionel Messi bolsa dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.