GDA Baştutanlarynyň Sankt-Peterburgdaky resmi däl sammitiniň senesi belli boldy

21.12.2022, 15:4211,295

GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti 26-27-nji dekabrda Sankt-Peterburgda geçiriler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.

«Geljek hepde Sankt-Peterburgda GDA döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça bu duşuşyk 26-27-nji dekabrda geçiriler. Bu duşuşygyň hem hyzmatdaşlygymyzyň berkidilmegi üçin goşmaça itergi berjekdigine umyt edýäris» — diýip, Lebedew sişenbe güni MInskide geçen GDA-nyň hemişelik wekilleriniň Gepeşiniň nobatdaky mejlisinde aýtdy.

Lebedew şeýle hem GDA döwletleriniň haryt dolanyşygynyň 2022-nji ýylda 30% artandygyny belledi.
Belläp geçsek, Sankt-Peterburg 7-nji oktýabrda eýýäm Arkalaşygyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyny kabul etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.