Gurban Berdiýew «Soçi» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy

25.12.2022, 18:3716,597

Şu gün, 25-nji dekabrda «Soçi» futbol kluby Gurban Berdiýewiň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini yglan etdi.

"70 ýaşly hünärmen täze ýyldan öz borçlaryny ýerine ýetirmäge girişer" - diýip, futbol klubunyň saýtyndaky beýannamada aýdylýar.

Berdiýew 2022-nji iýunyndan bäri Eýranyň "Traktoryna" tälim berip gelýärdi, şol bir wagtda klubuň tehniki direktory hem hasaplanýardy. Ondan öň 2021-nji ýylyň awgustyndan başlap ol Gazagystanyň "Kaýrat" toparyna ýolbaşçylyk edipdi.
Russiýada Berdiýew Kazanyň "Rubin" toparyny iki gezek çempionlyga ýetirdi (2008 we 2009 ýyllar), şeýle-de onuň bilen Russiýanyň Kubogyny we Superkubogyny aldy. 2015/2016 möwsümde Berdiýew "Rostowa" tälim berdi we onuň bilen Russiýanyň wise-çempiony bolupdy. 2021-nji ýylda ol "Kaýrat" bilen Gazagystanyň çempionatynyň bürünç medalyny we Gazagystanyň Kubogyny aldy.
Rus premýer-ligasynyň şu möwsüminiň oýunlary 5-nji martda täzeden başlanar. Soçilileriň garşydaşy bolup Moskwanyň «SSKA» çykyş eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.