FIFA Peläniň hatyrasyna ähli futbol oýunlaryny bir minutlyk dymyşlykdan başlamaga çagyrdy

31.12.2022, 15:2018,965

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) indiki hepdäniň ahyryna çenli ähli oýunlary dünýäniň üç gezek çempiony braziliýaly Peläniň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk bilen başlamak haýyşy bilen ýüzlendi. Bu barada FIFA-nyň anna güni 211 milli assosiasiýa iberen habarynda beýan edildi diýip, TASS habar berýär.

"FIFA ýaryşlaryň ähli  guramaçylaryny geljek dynç günleri we bir hepde soň geçiriljek her bir futbol oýnundan öň bir minutlyk dymyşlyk yglan etmäge çagyrýar" – diýip, Sky News FIFA-nyň haýyşyny ýetirýär.

Angliýanyň premýer-ligasy anna güni 30-njy dekabrdan 1-nji ýanwar aralygynda geçiriljek çempionatyň indiki tapgyrynyň ähli oýunlarynyň "Futbol şasynyň" hatyrasyna bir minutlyk el çarpyşmalar bilen başlajakdygyny we ähli oýunçylaryň bolsa meýdança çiginleri gara daňyly çykjakdygyny habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.