Türkmenistanda howanyň birden sowamagyna garaşylýar

05.01.2023, 07:2639,829

Türkmenistanda ýanwar aýynyň ilkinji günleri maýyl howa boldy, emma howa maglumaty gullugy eýýäm 8-nji ýanwardan howanyň birden sowap başlajakdygyny duýdurýar diýip, Meteožurnal habar berýär.

Maýyl siklon demirgazyk-gündogara gider, onuň yzysüre gelýän arktika howasy Russiýanyň ýewropa böleginiň çäginden we Gazagystanyň günbataryndan geçip, 8-nji ýanwarda Türkmenistanyň demirgazygyna geler.
7-nji ýanwarda Daşoguz welaýatynda + 8 °… + 13 ° bolar, ýöne 8-nji ýanwarda günortan eýýäm 0… -5 ° bolar. Agşam temperatura -3 °… -8 ° çenli peseler.
7-nji ýanwarda Aşgabatda temperature  + 16… + 19 dereje bolsa, 8-nji ýanwarda  + 3 °… + 6 ° çenli sowar.
Sowuk arktik howa günorta tarap süýşmegini dowam eder we deslapky çaklamalara görä, Türkmenistanyň demirgazygynda aýaz -15 ° ... -20 ° derejelere ýetmegi mümkin.
Şol bir wagtyň özünde, ýagyş ýagsa-da, esasan, günorta sebitlerde ýagar diýip, çeşme belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.