Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bardy

05.01.2023, 17:1429,895

Şu gün, 5-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary başlandy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary, şeýle hem HHR-iň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar.

Pekiniň «Şoudu» Halkara howa menziline Serdar Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Ertir, 6-njy ýanwarda Hytaýyň paýtagtynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy bolar.
Ýokary derejede geçiriljek türkmen-hytaý gepleşikleriniň çäklerinde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, himiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.