Türkmenistanda ilkinji gezek gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalar gurlar

13.01.2023, 22:1826,243

Türkmenistanda ilkinji gezek harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny üpjün etmek maksady bilen, gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalar gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer Ş.Abdrahmanow 13-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Şu nukdaýnazardan, bu işleri halkara tejribesine laýyklykda ýola goýmak we alyp barmak, tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak, taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmak  hem-de gurmak babatda  halkara maslahatçy kompaniýalary işe çekmek meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow bu taslamanyň ýyladyş möwsüminde  gazyň sarp edilişiniň kadalaşdyrylmagyna hem-de «mawy ýangyjyň» durnukly we ygtybarly iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.