Türkmenistanda öň daşary ýurtdan getirilýän B-92 awiabenzini öndürilip başlandy

13.01.2023, 22:3827,446

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda B-92 kysymly awiabenzini öndürilip başlandy. Bu hoş habary 13-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow habar berdi.

Wise-premýer daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň – B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilelikde işläp taýýarlady hem-de degişli işleri ýerine ýetirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.