Türkmenistanyň üsti bilen Russiýadan demir ýol ýük gatnawlary iki esse artdy

20.01.2023, 15:0818,172

2022-nji ýylda Russiýadan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça Türkmenistanyň üstaşyr ýük daşamagyň möçberi, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse artdy diýip, Interfaks  habar berýär.

Şeýlelik bilen, Demirgazyk Demirýol beketlerinden Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäklerinden geçýän gündogar şahasy boýunça 130 müň tonna ýük iberildi. Ulag geçelgesiniň orta şahasy bolan Hazaryň üsti bilen ýük daşamagyň mukdary 14 esse artyp,  26,6 müň tonna boldy.
Umuman alanyňda, 2022-nji ýylda Demirgazyk Demirýol beketlerinden “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen 0,6 million tonnadan gowrak ýük iberildi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 36,3% köpdür.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.