Polşanyň futbol ýygyndysynyň täze baş tälimçisi belli boldy

24.01.2023, 16:2415,345

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň öňki baş tälimçisi Fernandu Santuş Polşanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk eder. Bu barada ýerli futbol birleşiginiň ýolbaşçysy Sezariý Kuleşa sosial ulgamlarda habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär.

Bellenilişi ýaly, Santuş 24-nji ýanwarda tanyşdyrylar. Hünärmeniň öňünde polşaly futbolçylary Ýewropa çempionaty – 2024-e çykarmak wezipesi durýar.
Ýatlap geçsek, Fernandu Santuş Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň halypasy wezipesini toparyň 2022-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatyndan yzyna gaýtmagy bilen terk etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.