2023-nji ýyldaky UEFA-nyň Super kubogy ugrundaky oýun Kazandan Afina geçirildi

27.01.2023, 01:5310,759

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 2023-nji ýylda geçiriljek UEFA-nyň Super Kubogy ugrundaky oýny Kazandan Afina geçirdi. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Oýun 2023-nji ýylyň 16-njy awgustynda geçirilmeli.
UEFA-nyň Super kubogy ugrundaky oýny Kazanda geçirmek karary 2020-nji ýylyň 2-nji martynda guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň Amsterdamda geçirilen mejlisinde kabul edildi. 2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda UEFA 2021/22-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň final oýnuny Sankt-Peterburgdan Pariže geçirmek kararyna geldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.