Russiýanyň ilkinji «Atom» elektromobili aprel-maý aýlarynda görkeziler

27.01.2023, 16:0522,683

«Atom» brendiniň baş direktory Igor Powarazdnýuk TASS agentligine beren interwýusynda rus elektromobiliniň prototipiniň şu ýylyň aprel ýa-da maý aýynda görkeziljekdigini aýtdy.

«Ulagyň prototipini ýazda — aprel-maý aýlarynda görkezeris. Bu ýapyk we açyk çäreleriň tapgyry bolar, bu ýere, elbetde, paýdarlarymyzy, maýadarlarymyzy, hyzmatdaşlarymyzy çagyrarys, şeýle-de, halk köpçüligi üçinem açyk çäräni guramaga çalyşarys» diýip, Igor Powarazdnýuk aýtdy.

Kompaniýanyň başlygy ilkinji prototipiň adamyň we ulagyň  interfeýsleriniň işleýşini barlamak üçin ulanyljakdygyny aýtdy.
Güýzde köpçülige görkezilmeýän doly funksional prototiplerimiz çykar, sebäbi olar synag üçin dörediler we ähli ulag ulgamlarynyň hemme zerur synaglaryny geçer.
Powarazdnýuk satuwyň diňe 2025-nji ýylda başlajakdygy baradaky öň neşir edilen maglumatlary tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.