29-30-njy ýanwarda RF-niň Döwlet Dumasynyň Başlygy Türkmenistanda bolar

29.01.2023, 13:2412,667

29-30-njy ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrar. Bu barada RF-niň Döwlet Dumasynyň resmi saýty habar berýär.

Saparyň çäklerinde wekiliýetiň Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyklary meýilleşdirilýär. Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň deputatlary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen parlamentara hyzmatdaşlygynyň täze formatlaryny maslahatlaşarlar.
Ýatlatsak, 2022-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Moskwada Wýaçeslaw Wolodin bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşuşygy geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.