Toyota üçülenji ýyl bäri dünýäde iň köp awtoulag satan korporasiýadyr

31.01.2023, 09:5114,713

Korporasiýanyň hasabatyna görä, Toyota 2022-nji ýylda 10,48 million awtoulag satdy. Bu bir ýyl ozalkydan 0,1% azdyr. Şeýle-de bolsa, Ýaponiýanyň bu konserni indi  üçülenji ýyldyr dünýäde №1 awtoulag öndüriji adyny resmi taýdan tassykladyp gelýär.

Onuň esasy bäsdeşi bolan nemes Volkswagen-i 2022-nji ýylyň 12 aýynyň içinde 8,26 million awtoulag satdy. Toyota awtoulaglarynyň önümçiligi geçen ýyl 5,3% artyp, 10,51 million birlige ýetdi. San maglumaty “Hino Motors” we “Daihatsu” şahalarynyň kärhanalarynyň satuwyny göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlarda 8,6 million awtoulag, Ýaponiýanyň özünde 1,9 million awtoulag satyldy.
Kompaniýa durnukly islegiň, ilkinji nobatda-da, Demirgazyk Amerikada şeýle islegiň dikeldilmegi sebäpli oňyn netijeleriň gazanylandygyny belleýär. Ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly ýagdaýyň gowulaşmagy hem oňyn täsir etdi. Volkswagen bolsa on ýyldan gowrak wagtyň içinde iň ýaramaz netijäni görkezdi — Ukrainadaky ýagdaý  we kowid bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli  üpjünçilik zynjyryndaky bökdençlikler täsirini ýetirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.