«Çelsi» Premýer-liganyň taryhynda iň gymmat transferi amala aşyrdy

01.02.2023, 23:0421,107

Lissabonyň  «Benfikasynyň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Enso Fernandes resmi taýdan Londonyň «Çelsi» toparynyň futbolçysy boldy.  Bu barada Portugaliýanyň Gymmatly kagyzlar bazary boýunça komissiýasynyň saýtynda  habar berildi.

Transferiň bahasy 121 million ýewro boldy, bu Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) taryhynda rekord şertnamadyr. Oýunçy 2031-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy.
Ondan öň bu rekord «Aston Willadan» iňlis ýarym goragçysy Jek Grilişi  113 million ýewro satyn alan «Mançester Sitä» degişlidi.
Habar beriş serişdeleri ozal «Çelsiniň» portugal kluby bilen alty töleg arkaly hasaplaşmak isleýändigini habar beripdiler.
Katarda geçirilen soňky — 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Enso Fernandes milli ýygyndy toparyň düzüminde çempionlyk adyna eýe boldy we turniriň iň gowy ýaş oýunçysynyň baýragyny aldy.
Üstümizdäki möwsümde ýarym goragçy Portugaliýanyň çempionatynda 17 oýunda çykyş edip, bir gezek gol saldy we 5 gezek netijeli pas berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.