Klublaryň dünýä çempionatynyň ýarym finalynda «Real» «Al-Ahli» bilen duşuşar

05.02.2023, 17:1217,431

Müsürli «Al-Ahli» futbol boýunça klublaryň dünýä çempionatynyň 1/4 finalynda Amerikanyň «Sietl» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýaryş Marokkoda geçirilýär.

Mohamed Magdy «Al-Ahliniň» düzüminde ýeke-täk ýeňiş goluny geçirdi (88-nji minut). Ýarym finalda «Al-Ahli» bu tapgyra awtomatiki giren Ispaniýanyň «Realy» bilen oýnar. Duşuşyk 8-nji fewralda Rabatda geçiriler.
Beýleki ýarym finalda awtomatiki ýagdaýda çykan braziliýaly «Flamengo» Saud Arabystanyndan «Al-Hilal» bilen bäsleşer. «Al-Hilal» bilen «Flamengonyň» arasyndaky oýun 7-nji fewralda Tanžerde geçiriler.
Klublaryň dünýä çempionaty 2000-nji ýyldan bäri geçirilýär (ýaryş 2001-2004-nji ýyllar aralygynda geçirilmedi). Iň köp ýeňiş gazanan topar — dört gezek kubok gazanan «Realdyr». Iňlis «Çelsisi» ýaryşyň häzirki ýeňijisidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.