Dünýädäki işjeň «Apple» gajetleriniň sany 2 milliarddan geçdi

05.02.2023, 23:024,575

Dünýäde eýýäm 2 milliarddan gowrak işjeň i-gurluşlar bar. iPhone, iPad planşetleri, iMac kompýuterleri we brendiň internete birikdirilen we sarp edijiler tarapyndan ulanylýan  beýleki enjamlary barada aýdýarys. Şeýle san maglumaty 2023-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň netijelerini yglan eden Apple-iň özi tarapyndan getirildi.

Korporasiýanyň baş direktory Tim Kukuň pikiriçe, soňky iki ýylda işjeň «Apple» gurluşlarynyň sany 500 million artdy. 2016-njy ýylda olar takmynan bir milliard, 2020-nji ýylyň başynda bolsa bir ýarym milliarddy.
2021-nji ýylyň maý aýynda Google 3 milliard  Android operasion ulgamly işjeň gurluşyň bardygyny habar beripdi diýip, The Verge ýatlaýar. Şol bir wagtyň özünde, diňe Google Play goşundysynyň dükanyna girip bilýän gurluşlar barada gürrüň edildi. Aslynda, olaryň sany has köp bolup biler, sebäbi bu hyzmat Hytaýdaky smartfonlarda ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.