Apple enjamlarynyň eýeleriniň 10-dan 9-synda iPhone bar - CIRP

10.02.2023, 13:2714,814

Apple-iň enjamlarynyň eýeleriniň 10-dan 9-synda iPhone bar, Apple-iň ulanyjylarynyň takmynan 60%-i Cupertino kompaniýasynyň esasy gurluşlarynyň üçüsine ýa-da dördüsine eýe. Bu barada  CIRP seljeriş kompaniýasy tarapyndan geçirilen barlagda aýdylýar.

Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, Apple-iň esasy gajeti bolmagyny dowam etdirýän iPhone-dyr, emma iPad planşetiniň hem Apple-iň muşdaklarynyň arasynda has meşhurdygy anyklanyldy.

“iPad  Apple-iň ulanyjylarynyň 73% -i bilen ikinji orny eýeleýär, üçünji orunda bolsa Apple Watch (58%) durýar. Mac kompýuterleri dördünji orunda, olar Apple-iň müşderileriniň takmynan 50% -inde bar "- diýip, barlagyň maglumatynda aýdylýar.

CIRP-niň anyklamagyna görä, Apple-iň müşderileriniň diňe 5-den birinde diňe bir enjam bar.
Apple-iň müşderileriniň köpüsinde, köplenç, iPad planşeti ýa-da Apple Watch akylly sagady bolan ikinji bir gajet bar. Seljerijiler: "Apple ekoulgamy kemsiz gowy gurlan we kros-satuw hem işleýär.  Apple-iň alyjylarynyň içinde diňe bir gurluşlysy seýrek ”- diýen  netijä geldiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.