Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumy boýunça wise-premýeri çalyşdy

10.02.2023, 21:1331,109

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ş.Abdrahmanowy başga işe geçmegi sebäpli, Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutany bu wezipä A.Begliýewi belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Wezipä täze bellenen wise-premýer döwlet Baştutanyna bildiren ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.