«AŞTU» we «Türkmentelekom» öý üçin internetiň bahasyny arzanladyp, tizligini 6 Mbite çenli güýçlendirdi

21.02.2023, 17:4652,682

2023-nji ýylyň 1-nji martyndan «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ hem-de «Türkmentelekom» EAK fiziki şahslara hödürleýän çäklendirilmedik internet hyzmatlarynyň bahalaryny arzanladýar. Şeýle hem müşderiler üçin täze 4 we 6 Mbit/sek. nyrhnamalar girizilýär. Bu barada «Türkmentelekom» EAK saýtynda we «AŞTU-nyň» Goldaw merkezinde habar berdiler.

Bellenilişi ýaly, 512 Kbit/sek. nyrhnamasyny ulanýan müşderiler 1 Mbit/sek. tizligine birikdiriler.
Öý üçin çäklendirilmedik internet hyzmatlaryň täze nyrhnamalary:

  • 1 Mbit/sek. – 150 manat;
  • 2 Mbit/sek. – 180 manat;
  • 4 Mbit/sek. – 230 manat;
  • 6 Mbit/сек. – 280 manat
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.