Birinji nesil iPhone telefony auksionda ilkibaşky bahasyndan 100 esse gymmat satyldy

22.02.2023, 17:1026,611

Birinji nesil iPhone telefony auksionda 63 356 dollara satyldy diýlip, auksiony geçiren London Capital Group Auctions-yň saýtynda habar berilýär. Muny incrussia.ru ýetirýär. 15 ýyl ozal Apple ilkinji iPhone-y 599 dollara satypdy – bu gurluşyň häzirki bahasynyň ilkibaşky bahadan 100 esse ýokarydygyny aňladýar.

Auksion 2-nji fewralda açyldy. 2007-nji ýylyň iPhone-y üçin söwda 2,5 müň dollardan başlandy. Onuň 50 müň dollara satylmagyna garaşylypdy. Söwda 19-njy fewralda ýapyldy we gutarnykly baha 63 müň dollardan geçdi.
2007-nji ýylda peýda bolan Apple smartfonlarynyň 3,5 dýuým ekrany, 4 ýa-da 8 Gb ýady we 2 Mp kamerasy bardy.
Insider neşirinden reportýorçy Sara Jekson auksionda satylan iPhone telefonynyň tatu ediji Karen Grine degişlidigini anyklady. Bu telefon oňa sowgat berlipdir, ýöne ol hatda gutusynam açmandyr. Bu iPhone-yň Verizon simsiz tor üpjün edijisini götermeýändigi bilen baglanyşykly eken.
Grin ençeme wagtlap iPhone-y satmak isläpdir. 2022-nji ýylyň oktýabrynda ol LCG Auctions bilen habarlaşyp, 2007-nji ýylyň başga bir birinji nesil Apple smartfonynyň tas 40 müň dollara satylandygyny bilýär. Şonda Grin şol wagt tatu salonyny açmak üçin pul gözleýändigi sebäpli telefony satuwa çykarmak kararyna gelýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.