Arman Dýuplantis şestli bökmekde täze dünýä rekordyny goýdy

27.02.2023, 18:3111,190

Şwesiýaly ýeňil atletikaçy türgen Arman Dýuplantis Fransiýada geçirilen ýaryşda şestli bökmekde täze dünýä rekordyny goýdy diýip, TASS habar berýär.

Türgen geçen tomus ABŞ-da geçirilen dünýä çempionatynda gazanan üstünliginden 1 santimetr geçirip, 6,22 metrlik netijäni görkezdi.
Dýuplantis 23 ýaşynda, ol Tokioda geçen Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi, şeýle hem onuň hasabynda 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň altyn medaly, 2019-njy ýylyň dünýä çempionatynyň kümüş medaly,  2022-nji ýylda ýapyk binalarda geçen dünýä çempionatynyň altyn medaly, 2018-nji ýylda Ýewropa çempionatynda gazanylan ýeňiş  we 2021-nji ýylda ýapyk binalarda Ýewropanyň birinjiliginde gazanylan ýeňiş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.