Skaloni FIFA-nyň ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýragyna eýe boldy

28.02.2023, 07:3511,494

Argentinanyň milli futbol ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýän Lionel Skaloni FIFA-nyň 2022-nji ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýragynyň eýesi boldy.

Dekabr aýynda Argentinanyň milli ýygyndysy Skaloniniň ýolbaşçylygynda Katardaky dünýä çempionatynda ýeňiş gazanyp, 1986-njy ýyldan bäri ilkinji gezek altyn medalyň eýesi boldy.
Şeýle-de, baýraga Madridiň “Realynyň” baş tälimçisi italiýaly Karlo Ançelotti we “Mançester Sitiniň” tälimçisi ispaniýaly Hosep Gwardiola dalaş edipdi. Geçen ýyl baýragyň eýesi germaniýaly Tomas Tuhel boldy.
Zenanlaryň futbolynda ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip germaniýaly Sarina Wigman saýlandy, onuň ýolbaşçylygynda Angliýanyň milli ýygyndysy Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.