Bola Tinubu Nigeriýadaky Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

02.03.2023, 08:009,340

25-nji fewralda Nigeriýada geçirilen Prezident saýlawlarynda ýurduň agalyk ediji partiýasy bolan, ýagny «Ähli progressiw güýçleriň kongresi»  partiýasynyň  wekili Bola Tinubu ýeňiji boldy. Bu barada Garaşsyz milli saýlaw toparyna salgylanyp, çarşenbe güni Naija News agentligi habar berdi.

Netijelere görä, ikinji orny Halk-demokratik partiýasynyň wekili, Nigeriýanyň ozalky wise-prezidenti Atiku Abubakar, üçünji orny bolsa Leýboristler partiýasyndan (Zähmet partiýasy) Piter Obi eýeledi.
Nigeriýanyň  Prezidenti  wezipesine  18 dalaşgär hödürlendi. Ýurduň  häzirki Prezidenti olaryň hatarynda ýokdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.