Saudi Aramco Geely we Renault bilen bilelikde ekohereketlendirijileri öndürer

02.03.2023, 13:179,800

Saud Arabystanynyň Saudi Aramco nebit kompaniýasy fransuz we hytaý awtoöndürijileri bolan Renault we Geely  kompaniýalary bilen ekologiýa taýdan arassa güýç gurluşlaryny we gibrid tehnologiýasyny ödürýän kärhanany döretmek  boýunça ylalaşyga gol çekdiler. Degişli resminama penşebe güni kompaniýanyň  saýtynda çap edildi.

“Saudi Aramco-nyň meýilleşdirýän maýa goýumlary sintetiki ýangyçlary we wodorod tehnologiýalaryny ösdürmäge gönükdiriler” - diýlip bildirişde bellenilýär.

Täze kompaniýa ýylda 5 milliondan gowrak hereketlendirijini we transmissiýany, şol sanda gibridleri öndürýän 17 sany zawody we 5 ylmy-barlag merkezini özünde jemlär. Önümler 130 ýurda we  dürli sebitlere eksport ediler.
Maglumatlara görä, Renault we Geely kärhanada deň paýlara eýe bolarlar. Olaryň we Saudi Aramco-nyň  maýa goýumlarynyň möçberi barada maglumat ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.