Volkswagen kompaniýasy öz zawodynyň çäklerine 100 goýundan ybarat sürini goýberdi. Olar döwrebap ot kesiji tehnikalaryň ornuny çalşar diýip, «Carscoop» neşiri habar berýär.

Bu tejribe awtokonserniň Polşanyň Poznan şäherindäki önümçilik meýdançasynda geçirilýär. Ol ýerde zawodyň sarp edýän energiýasynyň, takmynan, dörtden bir bölegini üpjün edýän 31 müň sany Gün panelinden ybarat ulgam ýerleşýär.
Haýwanlar güýze çenli şol ýerde otlap, Gün panelleriniň aşagyndan ösýän otlary tebigy ýol bilen «gyrkar». Şeýle çemeleşme tehnikalaryň bir böleginden ýüz öwürmäge we şol bir wagtyň özünde haýwanlar üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berer: Gün panelleri goýunlara kölege salyp, yssydan goraýar. Süriniň eýesiniň aýtmagyna görä, goýunlar täze ýere çalt öwrenişip, uly bolmadyk toparlara bölündi we zawodyň çäginde arkaýyn otlap ýör.
Taslamanyň ylmy-gözleg tarapy hem bar. Kompaniýa Poznanyň Tebigy ylymlar uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde goýunlaryň otladylmagynyň biodürlülige, topragyň hiline, ösümlik örtügine, haýwanlaryň sagdynlygyna we ýerli mikroklimata nähili täsir edýändigini öwrenýär. Şeýle-de, gözlegçiler Gün panelleriniň salýan kölegesiniň haýwanlara düşýän ýylylyk agramyny azaltmaga kömek edýändigini ýa-da etmeýändigini barlaýar.