Gurban Berdiýew «Soçi» bilen birinji resmi duşuşygynda ýeňiş gazandy

06.03.2023, 06:3316,774

Russiýanyň Premýer-ligasynyň 18-nji tapgyr duşuşygynda «Soçi» futbol kluby Moskwanyň «SSKA-syny» ýeňdi.

Soçide geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Duşuşykda Luka Jorjewiç dubl etdi (72-nji we 78-nji minutlar).
«Soçi» türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi. Berdiýew geçen ýylyň 25-nji dekabrynda kluba tälimçi bellenildi.
«Soçi» 28 utuk toplap çempionatynyň jedwelinde ýedinji ýere galdy. «SSKA» yzygider üçünji oýnunda ýeňlişe sezewar boldy, onuň hasabynda 29 utuk bolup, bäşinji ýerde barýar.
19-njy tapgyrda «SSKA» 12-nji martda «Krylýa Sowetow» bilen duşuşar. «Soçi» 10-njy martda «Orenburg» bilen duşuşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.