Grossi Atom energiýasy boýunça Halkara agentligiň Baş direktorlygyna ikinji möhlete saýlandy

11.03.2023, 12:253,328

Atom energiýasy boýunça Halkara agentligiň (IAEA) Dolandyryjylar Geňeşi Rafael Grossini guramanyň Baş direktory wezipesine gaýtadan saýlady. Bu barada anna güni günbataryň habar beriş serişdeleri habar berýär.

Grossiniň ygtyýarlyk möhletleri 2027-nji ýylyň 2-nji dekabryna çenli uzaldyldy. Ol IAEA-nyň ýolbaşçysy wezipesine ýeke-täk dalaşgär boldy.
IAEA-nyň Baş direktory wezipesinde bu onuň ikinji möhleti, ol bu wezipä 2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.