Merkezi Aziýanyň futbol çempionatynyň bije çekişligi maý aýynda geçer

15.03.2023, 19:4410,364

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň metbugat-attaşesi Polat Allaguliýew MAFA-nyň ilkinji çempionatynyň bije çekişliginiň geçiriljek wagty barada aýtdy.

“Bije çekişligiň geçiriljek senesi we ýeri häzir ylalaşyk tapgyrynda. Çen bilen bu maý aýynyň başynda geçmeli " - diýip TASS Allaguliýewiň sözlerini getirýär.

Ondan öň, Russiýanyň ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşyp biljekdigi habar berlipdi. Ýaryşlar 2023-nji ýylyň iýun aýynda Daşkentde we Bişkekde geçiriler.
Şeýle-de, bu ýaryşa Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.