Apple Stiw Jobsuň eli bolmadyk ilkinji gezek täze gajet öndürer

15.03.2023, 23:5115,455

Apple  kompaniýasy ilkinji gezek onuň esaslandyryjysy we öňki direktory Stiw Jobsuň eli bolmadyk täze gajeti çykarar. Finacial Times neşiriniň habar bermegine görä, ol üsti ýetirilen reallygyň garniturasy bolar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, täze önüm 2023-nji ýylyň iýunynda Apple-iň oýlap tapyjylar maslahatynda görkeziler. Bu önümi 2011-nji ýylda dünýäden öten Stiw Jobsuň ýerine gelen kompaniýanyň täze direktory Tim Kuk döredipdir. Şeýlelikde,  bu gajeti  täze baş direktoryň debýuty diýip hasaplamak bolar. Çünki korporasiýanyň öňki ähli täze önümleri Stiw Jobsuň täsiri bilen döredilipdi.  Finacial Times-yň bellemegine görä, hatda Apple Watch akylly sagatlary we  Airpods simsiz nauşnikler hem  Jobsuň  pikiri bilen döredilipdir. iPhone smartfonlary we iPad planşetleri bolsa tutuşlygyna  onuň taslamasy bolupdyr. Maglumatlara görä, Kuk  AR/VR garnituralaryny döretmäge  2016-njy ýylda  girişipdir. Ol öz işinde Jobsuň pikirini ulanmazdan «ak kagyzdan» başlapdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.