FIFA-nyň ýolbaşçysy FIFA 25-i anons etdi

19.03.2023, 11:137,283

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) futbol simulýatoryny ösdürmegi dowam etdirer. Bu barada guramanyň prezidenti Janni Infantino aýtdy diýip, rsport.ria.ru habar berýär.

“Ýaşlar we özüni ýaş duýýan adamlar üçin futbol simulýatoryny ösdürmegi dowam etmäge söz berýäris. E-futbol – futbolyň bir bölegi, geljegiň bir bölegi. FIFA-nyň täze oýny – FIFA-25, FIFA-26 we ş.m. futboly söýýän her bir oglan ýa-da gyz üçin hemişe iň gowy oýun bolar” – diýip, Infantino belledi.

2022-nji ýylyň mart aýynda Electronic Arts-yň EA Sports bölümi ähli rus klublaryny we Russiýanyň milli ýygyndysyny öz kompýuter sport oýunlaryndan aýyrdy. 2022-nji ýylyň maý aýynda oýun adyny FIFA-dan EA Sports FC adyna üýtgetdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.