Türkiýe takmynan 40 milliard kub metr gazy eksport etmegi meýilleşdirýär

22.03.2023, 09:3910,029

Türkiýe öz çäginde döredilýän merkeziň üsti bilen takmynan 40 milliard kub metr gazy eksport edip biler.

Muny Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmez aýtdy diýip, Trend habar berýär.
Onuň sözlerine görä, ýurtdaky gaz merkezi bir ýylyň içinde işe başlap biler.

“Indi özümiziň Gara deňiz gazymyz bar. Ýylda takmynan 55-60 milliard kub metr gaz sarp edip bilýäris, merkeziň çäklerinde gaz geçiriji ulgama 100 milliard kub metr gaz berip bileris we 40  milliard kub metr gazy  eksport ederis " - diýip, Fatih Dönmez belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.