Messi Goal.com-yň «Altyn top» üçin täzelenen reýtinginde birinji ýere geçdi

22.03.2023, 09:4414,410

Goal.com portaly 2023-nji ýylda «Altyn topa» dalaş edýänleriň sanawynyň täzelenen görnüşini neşir etdi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Sanawda  «Pari Sen-Žermeniň»  argentinaly hüjümçisi  Lionel Messi birinji orunda durýar. Ikinji ýeri «Mançester Siti» toparynyň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand, üçünji orunda Messiniň topardaşy, reýtingiň öňki wersiýasynda ikinji hatarda bolan fransuz futbolçysy Kilian Mbappe eýeleýär.
Şeýle hem ilkinji onluga Wiktor Osimhen ("Napoli"/Nigeriýa), Winisius Žunior ("Real" M/Braziliýa), Hwiça Kwarasheliýa ("Napoli"/Gruziýa), Markus Reşford ("Mançester Ýunaýted"/Angliýa), Robert Lewandowski ("Barselona"/Polşa), Kasemiro ("Mançester Ýunaýted"/Braziliýa), Bukaýo Saka ("Arsenal"/Angliýa) girýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.