Türkmenistan Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ylmy esasda taýýarlanar

25.03.2023, 07:1911,736

2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlary geçiriler. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň bu oýunlara ylmy esasda taýýarlanmagyny üpjün eder. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli maksatnamany, ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.
Şeýle hem resminama laýyklykda, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary maksatnamada we meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmeginde Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine ýardam bermäge borçly edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.