Arkadag şäheriniň ykdysadyýet we bank edaralaryna ýolbaşçylar bellendi

25.03.2023, 23:2017,948

Arkadag şäherinde maliýe we ykdysadyýet toplumynyň degişli düzümlerine ýolbaşçylar bellendi. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 25-nji martda Arkadag şäheriniň guramaçylyk meseleleri boýunça geçirilen mejlisde habar berdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

  • Arkadag şäher maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygy wezipesine  Serdar Kakageldiýewiç Öwezberdiýew;
  • Arkadag şäher salgyt müdirliginiň başlygy wezipesine Şyhmuhammet Abdylgapbarowiç Şyhymow;
  • Arkadag şäher statistika müdirliginiň başlygy wezipesine Döwletgeldi Aşyrmuhammedowiç Annaberdiýew;
  • Arkadag şäheriniň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň başlygy wezipesine Mämmetmyrat Ammannazarowiç Berdiýew;
  • Arkadag şäher Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň başlygy wezipesine Şirmyrat Seýitgulyýewiç Hojamuhammedow;
  • Arkadag şäher Döwlet ätiýaçlandyryş müdirliginiň başlygy wezipesine Gökçeamangeldi Döwletgeldiýewiç Paýçyýew;
  • Arkadag şäheriniň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine Hojamyrat Ataýewiç Annaýew;
  • Arkadag şäheriniň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Amandurdy Kakadurdyýewiç Baýlyýew;
  • Arkadag şäheriniň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine  Şanazar Dörtgulyýewiç Bäşimow;
  • Arkadag şäheriniň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Yhlas Jumamyradowiç Orazberdiýe;
  • Arkadag şäheriniň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Arslan Pirdurdyýewiç Nazarow bellenildi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.