Samsung Galaxy S23 Ultra Ýewropa ýurtlarynyň birbada ýedisinde birinji ýerde durýar

28.03.2023, 16:0015,354

Samsung Galaxy S23 Ultra Ýewropanyň  sarp edijileriniň  birnäçe  birleşiginiň wersiýasy boýunça №1 smartfon boldy, has takygy, ýedi gurama ony birinji ýerde goýdy.

Täze Samsung flagmany Belgiýanyň, Daniýanyň, Italiýanyň, Niderlandlaryň, Portugaliýanyň, Ispaniýanyň we Angliýanyň birleşikleri tarapyndan iň gowy diýip saýlandy. Enjama berlen baha mümkin bolan 100 baldan 81-84 bal aralygynda oýnaýar. Gürrüňiň diňe Android esasly enjamlar hakda däl-de, umuman, ähli smartfonlar hakda gidýändigini aýdyňlaşdyrmalydyrys.

  • Test Achats (Belgiýa): 81/100;
  • Taenk (Daniýa): 81/100;
  • Altroconsumo (Italiýa): 81/100;
  • Consumentenbond (Gollandiýa): 8.3 / 10;
  • Deco Proteste (Portugaliýa): 81/100;
  • OCU (Ispaniýa): 81/100;
  • Which? (Angliýa): 84/100.

Şeýle bahalandyrmalaryň islege nä derejede täsir etjegini wagt görkezer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.