«Türkmenawtoulaglary» 40 we 113 belgili awtobuslaryň ugurlaryna üýtgeşme girizdi

28.03.2023, 16:0827,883

«Türkmemawtoulaglary» agentligi Aşgabat şäherinde hereket edýän 40-njy we 113-nji belgili şäheriçi awtobuslaryň gatnawlaryna üýtgetme girizendigini habar berdi.

2023-nji ýylyň 29-njy martyndan başlap 40-njy «Gurtly – Parahat» we 113-nji «Awtokombinat – Gurtly» ugurlary Görogly köçesi bilen hereketini dowam edip Taslama köçäni kesip geçer. Olar Gurtly ýaşaýyş toplumyna tarap demirgazyklygyna üýtgedilen görnüşde hereket eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.