Aşgabat — London gatnawlarynyň awiabiletleri onlaýn satuwa çykaryldy

29.03.2023, 15:2318,904

Aşgabat-London ugry boýunça awiabiletler «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Bir tarapyna bilet 8 müň 706 manat 30 teňňeden satylýar.

Aşgabatdan Londona bilet satyn alyp boljak iň ýakyndaky uçuş 5-nji aprelde bolar. Aşgabatdan uçar sagat 13:00-da ugrap, ol Londonyň Stansted howa menziline sagat 15:50-de gonar.
Görkezilen baha habaryň çap edilen wagtynda güýji bolup, ol diňe onlaýn satyn almak üçindir. Kassadaky bahalar tapawutlanyp biler. Bileti bank kartynyň üsti bilen onlaýn satyn alyp bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.