Dünýäde diňe üç adam pasportsyz syýahat edip bilýär. Olar kim?

Düýn, 22:228,561
1 / 3

Daşary ýurtlara syýahat etmek üçin adamlaryň aglabasyna pasport ýa-da şahsyýeti tassyklaýan beýleki resminama gerek bolýar. Emma ýer ýüzünde üç adama bu düzgün täsir etmeýär diýip, Bild neşiri habar berýär.

Olaryň biri Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-dir. Britan monarhy Ýelizaweta II aradan çykandan soň, bu ýeňillige miras arkaly eýe boldy. Patyşalyk maşgalasynyň resmi saýtynda monarha daşary ýurtlara gitmek üçin pasportyň gerek dälidigi aýdylýar. Onuň ýerine bökdençsiz geçirilmegini we oňa zerur goragyň üpjün edilmegini sorap ýüzlenilýän ýörite resminama ulanylýar.

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito we imperator zenan Masako hem şolar ýaly ýörite derejä eýedir. Ýaponiýanyň hökümeti 1971-nji ýylda olara pasport bermegiň ýerliksiz boljakdygy hakyndaky karara gelipdi. Has dogrusy, olaryň adaty resminama meselelerine çörňeşip ýörmekleri gelşiksiz hasap edilýär. Pasportyň ýerine Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi ýörite resminama taýýarlaýar, barjak ýurdunyň häkimiýetleri bolsa olaryň sapary barada öňünden habarly edilýär.

Britan we ýapon patyşa maşgalalarynyň beýleki agzalarynda bular ýaly ýeňillik ýokdur, olar adaty ýa-da diplomat pasportlar bilen syýahat edýär.

Hatda Rim papasy hem bu üç adamyň hataryna girmeýär: daşary ýurt saparlary üçin oňa Watikanyň ýa-da raýatlygy bolan döwletiniň resminamalary zerurdyr.