Riçard Brensonyň Virgin Orbit kosmos korporasiýasy işini bes eder

03.04.2023, 14:059,054

Virgin Orbit kosmos kompaniýasy işini bes eder. Bu barada CNBC teleýaýlymy öz çeşmelerine salgylanyp  habar berýär.

Işgärler ýygnagynda Virgin Orbit-iň baş direktory Den Hart korporasiýanyň "ýakyn geljekde" ýapyljakdygyny aýtdy.

"Gynansagam, kompaniýa üçin aýdyň ýoly üpjün etjek serişde tapyp bilmedik" - diýip, Hart taslamanyň ýapylmagynyň sebäbini düşündirdi.

Virgin Orbit milliarder Riçard Brenson tarapyndan esaslandyryldy we LauncherOne howa tarap badalga beriji raketalary goýberiş hyzmatlaryny hödürleýär.
Baş direktoryň sözlerine görä, kompaniýanyň "tizden-tiz, düýpli we diýseň gynandyryjy üýtgeşmeleri" amala aşyrmakdan başga çäresi galmady. Virgin Orbit -iň ýolbaşçysynyň çykyşyndan şereketiň ähli işgärleri diýen ýaly - 875 adamyň ýa-da onda  işleýänleriň 90 göteriminiň işden aýryljakdygy mälim bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.